BILIM

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlygyny berkidýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň ADA uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn duşuşyk geçirildi.
Oňa türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň adyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusupowa, institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň professory Öwezdurdy Muhammetberdiýew, şeýle-de Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Gismеt Fizuli ogly Gezalow bilen ADA uniwersitetiniň prorektory Fariz Ismailzade, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gurbanmämmet Elýasow dagy gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda wekiller okuw seminarlaryny bilelikde gurnamak, ylmy işleri alyp barmak, şol sanda makalalary, okuw kitaplary, gollanmalary neşir etmek, akademiki maksatnamalary alyş-çalyş etmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy alyp barmak barada pikir alyşdylar.

Related posts

5 sany uniwersitete ýörite dereje berildi

Aşgabatda pars şygryýeti we edebiýaty çäresi geçirildi

Belarus: Diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdebi 2022