DÜNÝÄ

“Aýlagyň Arap döwletleri-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

“Aýlagyň Arap döwletleri-Merkezi Aziýa” strategik dialogyň daşary işler ministrleriniň 2-nji duşuşygy Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçiriler. Özbek metbugatynyň habaryna görä, bu duşuşygyň 15-nji aprelde geçirilegi göz öňünde tutulýar.

Özbegistanyň ilçisi Aşraf Hojaýew Kataryň Daşary işler ministrliginiň departamentiniň direktory Abdulla Al-Mansuri bilen duşuşdy.

Duşuşykda 15-nji aprelde geçiriljek “Aýlagyň arap döwletleri-Merkezi Aziýa” strategik dialogyň daşary işler ministrleriniň 2-nji duşuşygy görülýän taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Abdulla Al-Mansuri “Aýlagyň arap döwletleri-Merkezi Aziýa” formatynyň möhümdigine ünsi çekip, onuň iki sebitiň arasynda ählitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ornunyň uludygyny belledi.

Related posts

The presentation of the book of the President of Turkmenistan

vepa

Angela Merkel Russiýada we Ukrainada saparda bolar

Hindistan Türkmenistana täze ilçi belledi

Ata Watan Eserleri