DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Botswana diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň binasynda  Türkmenistan bilen Botswana Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýanatyň gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Dabaranyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Botswana Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Çarlz Masoleniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, guramalaryň ugry boýunça, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar BMG-niň gün tertibinde özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alyşdylar. Bu ugurlar parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek, öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek hem-de durnukly ösüş meselelerini öz içine alýar.

Duşuşygyň barşynda Ilçi A.Ataýewa Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Botswana Respublikasynyň Hökümetini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejedäki halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Botswana Respublikasynyň hökümetlerini we halklaryny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen gutlap, bu ädimiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkemegine we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm itergi berjekdigini nygtadylar.

Ýene-de okaň

Özbegistan-Gazagystan: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça «ýol kartasyna» gol çekildi

Hindistanly raýat 31 ýurtdan 858 sany kagyz guty ýygnap, rekord goýdy

Türkmen zyýaratçylar Saud Arabystanyda gurbanlyk sadakasyny berdi

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

Putiniň Gazagystana sapary: milliardlyk maýa goýumy we sürüjisiz gatnawlar

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy