BILIM

Täze neşir çapdan çykdy

Ýakynda lukmançylyk ylymlarynyň doktory Remezan Joraýewiň «Kämil perzendiň terbiýesi» atly täze kitaby çap edildi. Bu ylmy-populýar neşirde çaga terbiýesiniň ylmy-ynsanperwer esaslary barada durlup geçilýär.

«Mugallymlar gazeti» gazetiniň habar berşi ýaly, kitabyň awtory lukmançylyk ylymlarynyň doktory Remezan Joraýew nesil terbiýesi barada ylmy esasda gyzyklanyp, bu ugurdan birnäçe kitaplary neşir etdirdi. Ol metbugatda hem bu mesele barada makalalar bilen yzygiderli çykyş edýär. Awtoryň täze işiniň ähmiýeti barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi A.Babaýewiň kitaba ýazan giriş makalasynda hem beýan edilýär.

Awtor kitapda çaga terbiýesiniň maşgala, jemgyýet, döwlet, dünýä ähmiýetli uly we jogapkärli işdigini adalatly belleýär. Şoňa görä-de bu işi üstünlikli amal etmegiň diýseň wajypdygyny tekrarlaýar. Şu maksada ýetmekde çaga terbiýesiniň ynsanperwer usulynyň uly ähmiýete eýedigini ylmy delilleriň, durmuşdan alnan mysallaryň üsti bilen jikme-jik düşündirýär. Awtoryň kitaby taýýarlamakda ençeme filosoflaryň, meşhur pedagoglaryň, alymlaryň işlerinden peýdalanandygyny aýratyn bellemek gerek. Kitapda olaryň ganatly jümlelerine, öňe süren ylmy pikirlerine yzygiderli salgylanylýar. Ylmy-populýar neşiriň soňunda olaryň sanawy hem getirilýär. Bu bolsa ylmy eser hökmünde kitabyň gymmatyny has-da artdyrýar.

Ýene-de okaň

Robot tehnikasy: Maryda ýaş zehinleriň bäsleşigi jemlendi

ELS maksatnamasynyň çäklerinde hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary geçirilýär

Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Türkmenistanda «Soňky jaň» dabaralary geçirildi

Büzmeýin etrabynda täze mekdep, çagalary bagy we saglyk öýi gurlar

Türkmenistanda galla oragyna girişiler