BILIM

Türkmenistanda 1 müň 239 sany talyp orny artdyryldy

Türkmenistanda 13-nji iýulda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy. Şu ýyl ýaşlaryň 18 müňden gowragy ýokary okuw mekdeplerine talyplyga kabul ediler.

Ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde täze hünärleriň girizilmeginiň hasabyna, 2025-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 1 müň 239 sany talyp orny artdyryldy. Ýyl-ýyldan bilim edaralarynyň we hünär taýýarlygynyň ugurlarynyň sanynyň köpeldilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň güwäsidir.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde milli ykdysadyýetimiziň talaplaryna laýyk gelýän täze hünärleriň we taýýarlyk ugurlarynyň 20-si girizilýär. Şeýle uzak möhletli döwür üçin meýilleşdirilen işler amala aşyrylýan özgertmeleriň durnuklydygyna, yzygiderlidigine we geljege gönükdirilendigine şaýatlyk edýär. 2026-2027-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 10-sy açylýar.

Şu ýyl Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalarynyň ulanmaga berler.

Related posts

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyňýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internaty:okuwa çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekilleri Hindistanda halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar