BILIM

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 600 ýaş hünärmen taýýarlady

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde uçurymlaryň gutardyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärede çykyş eden myhmanlar hem-de halypa professor-mugallymlar uçrumlara ak ýol arzuw etdiler. Tapawutlanan uçrumlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ýakynda 600-den gowrak uçurymlarynyň okuwy tamamlaýandygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Olaryň 50-den gowragy okuwy aýratyn tapawutlanyp gutaranlaryndan soň hünär ugurlary boýunça hökmany tejribe döwürlerini tamamlap, tapawutly diplom almaga dalaşgär bolup durýarlar — diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Täze uçurymlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny işe ýerleşdirmek baradaky Düzgünnamasyna, şeýle hem «Kliniki ordinatura hakynda» Düzgünnama laýyklykda degişli edaralara we işgär zerurlygy bolan saglyk ulgamynyň edaralaryna ugradylar.

Bäsleşige gatnaşyp üstünlik gazanan tapawutlanan uçurymlar bolsa kliniki ordinatura ugrukdyryldy — olar şu okuw ulgamyny uniwersitetiň ýöriteleşdirilen kafedralarynda we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ylmy-kliniki merkezlerinde dowam etdirerler.

Related posts

Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi okuwa çagyrýar

Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul etmek: 2022

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty