JEMGYÝETMEDENIÝET

Arkadag şäheri Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini kabul etdi

Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň çäginde iki ýurduň Döwlet tans ansambllarynyň bilelikdäki konserti geçirildi. Konsert Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkinde boldy.

Çärä Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Kerimli, Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow, Azerbaýjanyň Aşgabatdaky ilçisi Gismet Gözalow, iki ýurduň medeniýet ministrlikleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Konsert maksatnamasy iki ýurduň milli tanslaryndan ybarat bolan ajaýyp kompozisiýany öz içine aldy. Azerbaýjan we türkmen halklarynyň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän çykyşlar tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Soňra “Galkynyş” toparynyň at üstündäki ajaýyp çykyşlaryna tomaşa edildi, onuň çäginde çapyksuwarlar türkmen bedewleriniň üstünde çylşyrymly tilsimleri görkezdiler. .

Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň çäginde Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Azerbaýjan — obýektiw arkaly taryha» atly sergi açyldy.

Azerbaýjanyň medeniýet ministriniň orunbasary M. Guseýnow Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň ýokary derejede guralandygyny mälim etdi. Ol medeniýet günleriniň hem Aşgabatda, hem-de Arkadagda geçirilmegini şanly waka hökmünde häsiýetlendirdi.

Öz gezeginde, onuň türkmen kärdeşi N. Şirimow iki halkyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösüşini belläp, medeniýet günleriniň özara geçirilmeginiň gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýändigini nygtady.

Azerbaýjanyň Fotosuratçylar birleşiginiň başlygy Amira Süleýman fotosergi barada giňişleýin gürrüň berdi. Ol sergide Azerbaýjanyň döwrebap arhitekturasynyň, şol sanda taryhy-medeni mirasynyň, şeýle hem gurluşyk işleriniň şöhlelendirilendigini belledi.

Soňra myhmanlar sergi bilen tanyşdylar.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň gyzykly taryhy

Arkadag şäheriniň kitaphanasynda «Azerbaýjan edebiýatynyň burçy» açyldy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günlerine badalga berildi

C5+1: Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň medeniýet ministrini kabul etdi

Arkadag şäherinde ilkinji gezek Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçirilýär