Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Azerbaýjan edebiýatynyň burçy» atly bölümiň açylyş dabarasy boldy.
Dabaranyň açylyşyna iki ýurduň Medeniýet ministrlikleriniň wekilleri, edebiýat we jemgyýetçilik işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Açylyşyň öňüsyrasynda Azerbaýjanyň Milli kitaphanasynyň direktory, professor Kerim Tahyrow «Azerbaýjan edebiýatynyň burçlarynyň» eýýäm dünýäniň 19 şäheriniň kitaphanalarynda döredilendigini mälim etdi.

Ol munuň iki ýurduň arasyndaky edebi-medeni gatnaşyklary giňeltmek nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedigini nygtady. K. Tahyrowyň bellemegine görä, şeýle taslamalar halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösmegine ýardam edýär we okyjylara azerbaýjan awtorlarynyň eserleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.
«Türkmenistanyň Arkadag şäherinde döredilen “Azerbaýjan edebiýatynyň burçy” hem iki doganlyk halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge hyzmat eder. Bu başlangyç geljekde kitap çalşygyny, bilelikdäki neşirýat taslamalaryny we edebi-medeni hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açar» diýip, Kerim Tahyrow belledi.
Soňra myhmanlara burçda sergilenýän neşirler barada giňişleýin maglumat berildi.
