SPORT

Ronaldo het-trik edip, karýerasyndaky 985-nji goluny geçirdi

Saud Arabystanynyň futbol çempionatynyň 12-nji tapgyrynda «Al-Nasr» topary öz meýdançasynda «Al-Holud» toparyny 5:3 hasabynda ýeňdi.

Ýeňiji toparyň düzüminde Gabriel Anželo (24-nji minut), Sadio Mane (38-nji minut) we Kristiano Ronaldo (66-njy, 72-nji we 81-nji minutlar) tapawutlandylar. Myhman toparyň gollaryny bolsa Žýulýen Dominges (16-njy we 90+4-nji minutlar) hem-de Loik Essomba (45+2-nji minut) geçirdi.

Ronaldo futbol karýerasyndaky 67-nji het-trigini (bir duşuşykda 3 gol geçirmek) amala aşyrdy. Portugaliýaly futbolçy 2024-nji ýylyň maý aýyndan bäri ilkinji gezek resmi duşuşykda üç gol geçirmegi başardy. Şonda hüjümçi Saud Arabystanynyň çempionatynda «Al-Wahda» toparyna garşy geçirilen duşuşykda (6:0) üç gezek tapawutlanypdy.

Şeýlelikde, onuň karýerasyndaky gollarynyň sany 985-e ýetdi. Ronaldu futbolyň taryhynda iň köp gol geçiren oýunçy hasaplanýar.

Bu ýeňişden soň «Al-Nasr» çempionatyň lideri «Al-Kadisiýa» toparyny utuk sany boýunça ýetdi. Häzirki wagtda iki toparyň hem 28 utugy bar.

Indiki tapgyrda Ronaldonyň çykyş edýän «Al-Nasr» topary 6-njy noýabrda myhmançylykda «Al-Hazm» topary bilen duşuşar.

Related posts

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Mareska “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler