“Apple” kompaniýasy M6 prosessory bilen enjamlaşdyrylan täze “MacBook Pro” noutbugyny tanyşdyrdy. Enjam bir gezek zarýad berlenden soň 24 sagada çenli işläp bilýär.
Bu barada kompaniýanyň metbugat beýanatynda habar berilýär.
«Apple kompaniýasy M6 prosessory bilen enjamlaşdyrylan täze 14 dýuýmlyk MacBook Pro noutbugyny tanyşdyrdy. Täze enjam has ýokary öndürijiligi, emeli aňyň mümkinçiliklerinden gönüden-göni enjamyň özünde peýdalanmagy we has çalt birikmegi üpjün edýär. Ol talyplar, işewürler, mazmun döredijiler we beýleki ulanyjylar üçin niýetlenendir» diýlip, kompaniýanyň resmi saýtynda bellenilýär.
Apple kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, täze M6 prosessory MacBook Pro noutbugyna emeli aň bilen bagly işleri öňki model bilen deňeşdirilende 25 göterim çalt ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem grafiki gurallar bilen işlenilende enjamyň öndürijiligi ýokarlanýar.
Mundan başga-da, zarýad bermegiň täze tehnologiýasynyň kömegi bilen noutbugyň akkumulýatoryny bary-ýogy 30 minutda 50 göterime çenli zarýadlandyrmak mümkin bolar.
Täze noutbugyň resmi satuwyna 6-njy noýabrda başlanmagy meýilleşdirilýär. Enjamyň başlangyç bahasy 1 999 amerikan dollaryna deň bolar.
