TEHNOLOGIÝA

Türki döwletleriň emeli hemrasy 2027-nji ýylda uçurylar

Türki döwletleriň bilelikdäki emeli hemrasyny 2027-nji ýylyň ikinji ýarymynda Gazagystandan uçurmak meýilleşdirilýär.

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde işlenip taýýarlanylýan türki döwletleriň bilelikdäki kiçi göwrümli kub görnüşli emeli hemrasyny 2027-nji ýylyň ikinji ýarymynda bu ýurtdaky Baýkonur kosmodromyndan uçurmak göz öňünde tutulýar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Ankarada geçirilen 13-nji sammitiniň öňüsyrasynda üns Türkiýe, Gazagystan we Özbegistan ýaly agza döwletleriň kosmos pudagyndaky bilelikdäki işlerine gönükdirildi.

Oktýabr aýynda Antalýa şäherinde geçirilen 77-nji Halkara kosmos kongresiniň (IAC 2026) çäklerinde Türkiýäniň, Gazagystanyň we Özbegistanyň başlangyjy bilen gurama agza döwletleriň kosmos senagaty pudagyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.

Emeli hemralary işläp taýýarlamak, kosmos tehnologiýalary, ylmy barlaglar we senagat ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýän bu ylalaşyk bilelikdäki kub görnüşli emeli hemra taslamasynyň çäklerinde toplanan tejribäni has giň gerimli başlangyçlarda peýdalanmaga şert döreder.

Agza döwletleriň kosmos pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda emeli hemralardan alynýan maglumatlary alyşmak, suw serişdelerini dolandyrmak, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine gözegçilik etmek we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini yzarlamak ýaly meseleler hem bar.

Related posts

“Panasonic” täze gulaklygyny tanyşdyrar

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Astana: Merkezi Aziýada täze sanly ýollar dörediler

Audio kassetany oýlap tapan inžener aradan çykdy