TEHNOLOGIÝA

“Samsung” akylly sagady wagtly-wagtyna elimizi ýuwmagy ýatladar

“Samsung” kompaniýasy öz öndüren akylly sagatlaryny millionlarça adamyň ulanýandygyny göz öňüne tutup, täze programma işläp taýýarlady. Bu programma akylly sagady ulanyjylara her iki sagatdan eliňi ýuwmak üçin ýatladyjy jaňy bilen üpjün eder. Bu programma günüň dowamynda 12 gezek ulanyjylara elini ýuwmagy ýatladar. Bu programma kompaniýanyň programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan hünärmenler tarapyndan iki hepdäniň dowamynda taýýarlanylyp ulanyjylara ýetirildi. Kompaniýa bu programmany köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hem-de jemgyýetçilik torunyň üsti bilen ulanyjylara tanyşdyryldy.

Related posts

“Porsche” kompaniýasy täze ulagyny we welosipedini tanyşdyrdy

“iPhone 13” telefonlaryň önümçiliginde bökdençlik

Ösümlikden “3D” et öndürildi