TEHNOLOGIÝA

«iPhone 12» akylly telefonynyň önümçiligi bir aý yza togtadyldy

Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, “Apple” öňümizdäki “iPhone 12” telefonlarynyň köpçülikleýin önümçiligini bir aý töweregi yza süýşürýär. Çünki dünýädäki ýüze çykan käbir meseleler bu akylly telefonyň köpçülikleýin önümçilik meýilnamalaryny birneme togtatdy. Emma muňa garamazdan, “Apple” kompaniýasy şu ýylyň ahyrynda 5.4, 6,1 hem-de 6,7 ​​dýuým OLED ekranly dört sany täze “iPhone” modelini hödürlemegi meýilleşdirýär.

“Apple” adatça her ýylyň sentýabr aýynda “iPhone” täzelenişini açýar we aýyň ahyryna çenli enjamlary ýer ýüzüne ýaýradyp başlaýar. “Apple 12”–iň häzirki wagtda haçan müşderilere gowuşjakdygy barada anyk maglumat berlenok. Kompaniýa bu telefony ýylyň ahyryna ulanyjylara ýetirmegi maksat edinýär.

“Apple” kompaniýasy akylly telefon önümçiliginiň gijikmegini başdan geçiripdi. “iPhone X” 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda “iPhone 8” bilen bilelikde yglan edildi, ýöne käbir önümçilik meseleleri sebäpli noýabr aýyna çenli söwda nokatlarynda satuwa çykarylmady. Şonuň üçin kompaniýa akylly telefonyň müşderilere giç gowuşjakdygy ruhdan düşürmeýändigini habar berýär.

Related posts

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

“Apple” we “Samsung” birlikde telefon öndürer

Ata Watan Eserleri

“Toyota”-dan 800 million dollarlyk gazna

Ata Watan Eserleri