BIZNES

“Samsung” kompaniýasy telefonlarda täze kameranyň üstünde işleýär

“Samsung” kompaniýasy geljekde öndürjek telefonlarynda täze selfi kamerasynyň döredilmegine garaşylýar. Ol akylly telefonlarynda ýokarysyndan açylýan kamerany döretmegi maksat edinýär. Bu esasan hem kompaniýanyň «Galaxy A» görnüşli akylly telefonlarynda ýerleşdirjekdigi mälim edildi.  Bu telefonlarda mundan başga-da arka tarapy adaty barmak yzlaryny okaýjy bilen yzky kameralaryň adaty üç sanysy ýerleşdiriler. Kompaniýa bu telefonyň selfi kamerasynyň üstünde işleýär. Adaty däl bu kamera ulanyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanmagyna garaşylýar. Bu kameraly telefonlaryň haçan satuwa çykaryljakdygy barada heniz hiç hili maglumat berlenok.

Related posts

Tokaýew: Gazagystanda ýakyn wagtda nebit önümçiligi ýyllyk 100 mln tonna ýetiler

Türkmenistan’da Ulusal At Bayramı coşkusu

vepa

Mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga serişdeler

Dr.Döwran Orazgylyjov