TEHNOLOGIÝA

Ýylyň awtoulagy aprelde yglan ediler

Her ýylda dünýä derejesinde geçirilýän «Ýylyň awtoulagy» bäsleşiginiň ýeňijisi aprel aýynda belli bolar. Häzirki wagtda bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry dowam edýär. Olar jemi 5 kategoriýa boýunça bäsleşerler. Bäsleşigiň ähli kategoriýasy boýunça jemleýji tapgyra 3 awtoulag saýlanylyp alyndy. Olardan «Kia», «Mazda», «Volkswagen», «Mercedes Benz», «Peugeot» şeýle hem «Porsche» kysymly awtoulaglaryň dürli görnüşleri saýlama tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Ähli kategoriýalar boýunça bäsleşigiň ýeňijileri aprel aýynyň 7-sine ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek awto sergide yglan ediler.

Related posts

Sowgatlar Size garaşýar: “Atavatan Krossword”

Ata Watan Eserleri

100 million dollar pul baýrakly bäsleşik

7 ýylda 7 sany elektrik awtoulag