TEHNOLOGIÝA

“Toyota” we “Panasonic” kompaniýalarynyň batareýa üçin hyzmatdaşlyk

Elektrikli awtoulaglaryna bolan isleg barha ýokarlanýar. Ýaponiýanyň senagat birleşikleri, ýagny “Toyota” we “Panasonic” kompaniýalary elektrikli awtoulaglarda täze hyzmatdaşlygy yglan etdiler. Beýanata görä, iki ýapon öndürijisi litiý-ion batareýalaryny ösdürerler. Göz öňünde tutulýan batareýalar gibrid awtoulaglarda ulanylar. 2022-nji ýylda taýýar boljak batareýalar Ýaponiýada öndüriler. Ýaňy ýakynda “Toyota” we “Panasonic” kompaniýalary bilelikde “Prime Planet Energy & Solutions” atly kompaniýa döretdiler. Onda “Toyota” kompaniýasy 51 göterim paýyna, “Panasonic” bolsa 49 göterim paýyna eýedir.

Ýaponiýada ýerleşýän “Prime Planet Energy & Solutions” zawodynyň ýyllyk önümçilik kuwwatynyň 500 000 batareýa barabardygy aýdylýar. Beýleki tarapdan Ýaponiýanyň iň uly awtoulag öndürijisi “Toyota” geçen aý her ýyl elektrik ulagynyň satuwynyň 2025-nji ýylda 5,5 million birlige çenli ýokarlanjakdygyny we munuň garaşylýandan 5 ýyl öň boljakdygyny habar berdi.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär