TEHNOLOGIÝA

Robot ýer tudanasyny ýygar

Esasan, awtoulag önümçiligi bilen meşgullanýan «Tesla» kompaniýasy «Tortuga Agtech» kompaniýasy bilen bilelikde işläp düzen ýer tudanasyny ýygýan robotyny tanyşdyrmaga taýýarlanýar.

Ýer tudanasynyň hasylyny elde ýygyp çykmak hem ýeňil däl. Ýöne täze robot bu işi has aňsatlaşdyrar. Ol «Gurna we işlet!» ulgamy boýunça işlär. Häzir kompaniýalar tarapyndan hasyl ýygyjy robotyň seresaplylyk ukyby ösdürilýär. Nesip bolsa, ol birnäçe işçiniň işini amala aşyryp biler.

«Häzir oba hojalygynda uly öňegidişlikler gazanyldy. Diýmek, pudak üçin taýýarlanylýan tehnologiýa hem kämil bolmaly. Biziň işläp taýýarlaýan robotymyz diňe bir hasyly ýygmak bilen çäklenmän, ony hili boýunça sortlara hem böler» diýip, «Teslanyň» wekilleri aýdýarlar.

Heniz tanyşdyrylmadyk täze robota eýýäm 14 döwletiň oba hojalyk kompaniýalaryndan isleg bar.

Related posts

“Galaxy S24” we “Galaxy S24 Ultra” tanyşdyrylar

Hytaý emeli intellektde ABŞ-dan öňe saýlandy

Ilkinji milli elektron poçta we messenjer programmasy işe girizildi

Ata Watan Eserleri