TEHNOLOGIÝA

Bir günde 16 milliard dollar ýitgisi boldy

Elektrik awtoulag öndürijileriň ägirdi “Tesla” kompaniýasynyň paýnamalary 1 günde 21 göterim pese gaçdy. Bu ýagdaý kompaniýanyň soňky on ýylda iň uly ýitgisidir. Ýitginiň mukdary 16 milliarda barabar boldy. Ýokarda agzalan pese gaçyş bilen, “Tesla” kompaniýasynyň baş direktory Elon Muskyň emlägi bir günde 16,3 milliard dollar kemelip, 82,2 milliard dollara çenli azaldy. Elon Musk bu pese gaçmagy bilen “bir günde iň köp pul ýitiren adam” adyna eýe boldy.

Teslanyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 283 göterim ýokarlandy. Indi bu ýitginiň öwezini dolmak üçin kompaniýanyň hünärmenleri we hyzmatdaşlary birnäçe işleri alyp barmagy meýilleşdirýärler. Elon Musk we maýadarlar kompaniýanyň gysga wagtda ýitgisiniň öwezi dolunjakdygyna ynanýarlar.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär