TEHNOLOGIÝA

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Gysga wideolary döretmek we görmek üçin niýetlenen “TikTok” jemgyýetçilik tory ABŞ-daky bölümini satmak barada ylalaşyga gol çekdi. Degişli resminamalara salgylanyp, bu barada “Axios portaly” habar berdi.

Habarda bellenmegine görä, bu ylalaşyk köp ýyl dowam eden gepleşikleriň jemi boldy. Şol gepleşikleriň netijesinde, Hytaýyň “ByteDance” kompaniýasy TikTok-yň amerikan bölegini ABŞ-dan bolan maýadarlara satmak boýunça netije çykaryldy.

Geleşigiň resmi taýdan tamamlanmagy 2026-njy ýylyň 22-nji ýanwaryna meýilleşdirilýär. Resminamalara görä, “Oracle Corporation”, “Silver Lake” we “MGX” kompaniýalary bilelikde amerikan TikTok-yň paýnamalarynyň 45%-ini alar.

Ýene 5% paýnama täze maýadarlara geçer, 30,1% — ByteDance-iň häzirki maýadarlary bilen baglanyşykly kompaniýalara degişlidir. Galan 19,9% paýnama bolsa kompaniýanyň özünde galar.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 25-nji sentýabrda Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda TikTok-yň amerikan bölegini satmak boýunça ylalaşygyň baglaşylandygyny mälim etdi. Onuň sözlerine görä, bu geleşik ýaşlaryň arasynda aýratyn gyzyklanma döretdi. Soňra, 7-nji oktýabrda Tramp TikTok-daky akkauntyna gaýdyp gelip, bu sosial toruň ýaş nesil üçin saklanyp galandygyny aýtdy.

Related posts

Žurnalistleriň işini tehnologik enjamlar ýerine ýetirer

Çagalar Iňlis dilini Makul Sözlemler bilen aňsat öwrenýär!

Ata Watan Eserleri

“IPhone 13” 17-nji sentýabrdan satuwa çykar