TEHNOLOGIÝA

“Lamborghini” modelleri 2024-nji ýylda elektrik bilen işlär

Italiýanyň superkar öndürijisi Lamborghini, beýleki markalar ýaly elektrik ulaglaryna geçmek meýilnamasynyň bardygyny äşgär etdi. Bu barada metbugat neşirlerinde habar berilýär. Markanyň doly elektrik toguna geçmegi 2024-nji ýylda tamamlanar.

Doly elektrikli ulaglara geçmezden ozal, şereketiň gibrid modelleri öndürip başlajakdygy aýdylýar.

“Lamborghini”-niň elektrikli awtoulaglara geçmek meýilnamasy, daşky gurşawa ýetýän ýaramaz täsiri azaltmaga goşant goşmak isleýändigimizden gelip çykýan täze meýilleşdirilen ugurdyr “ – diýip, şereketiň baş direktory Stefan Winkelman belläp geçýär.

Mundan başga-da, kompaniýa 2025-nji ýyla çenli uglerod zyňyndylarynyň ýarysyny azaltmagyň üstünde işlär.

 

Dünýädäki iň gymmat futbol toparlary

 

 

Related posts

Bir çärýekde 24.8 million smartfon satdy

Täze “Xiaomi Mi 8 explorer edition” atly akylly telefony

Hindi awiakompaniýasy 500 uçar sargyt etdi