TEHNOLOGIÝA

Iñ berk awtoulag yglan edildi

Germaniýanyñ TUV guramasynyñ hünärmenleri Ýewropa bazarlarynda satylýan awtoulaglarynyñ az ýagdaýda döwülýän awtoulaglaryñ sanawyny çykardy. Bu sanaw soñky üç ýylda awtoulaglaryñ awto hyzmatda az derejede bolanlygy üçin kesgitlendi.

Hünärmenler Mercedes kompaniýasynyñ Mercedes-Benz GLC kysymly awtoulagyny, iñ berk ulag diýip yglan etdi. Muña garamazdan ilkinji 10-ga Mercedes kompaniýanyñ A-Class, B-Class, C-Class, E-Class Coupe we SLC/SLK markalary girdiler.

Mercedes kompaniýasyndan we Germaniýada öndürilýän ulaglaryndan başga, Audi 1 şeýle hem Q5 we Q3, Porsche 911 we Mazda CX-3 awtoulaglary dünýäde iñ berk awtoulagy diýip yglan edildi. Bu sanawyñ soñky ýerlerini Renault kompaniýasynyñ Dacia we Duster markalary we Citroen Berlingo awtoulaglary eýelediler. Bu ýaryşa 200-den gowrak awtoulaglar gatnaşdy.

Fewral aýynda J.D.Power kompaniýasy 2019-njy ýylyñ iñ berk awtoulagyny yglan etdi. Bu Günorta Koreýanyñ Genesis awtoulagy 1-nji oruna mynasyp boldy.

Ikinji orunda Lexus awtoulagy, üçünji orunda Buick awtoulaglary mynasyp boldylar.

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi