TEHNOLOGIÝA

Emeli aň Hytaýyň awtoulag pudagyny üýtgedýär

Emeli aň ulgamy Hytaýyň awtoulag pudagyny düýpgöter üýtgedýär. “China Economic Net” neşiriniň habaryna görä, Hytaýyň dünýä meşhur “BYD”, “Geely”, “Dongfeng” we “Chery” ýaly öňdebaryjy awtoulag öndürijileri işjeňligi ýokarlandyrmak we hyzmatlary sanlylaşdyrmak maksady bilen emeli aň ulgamyny işjeň ulanýarlar.

Hytaýda täze awtoulaglaryň 75% -den gowragynyň 2025-nji ýyla çenli akylly ulgamlar bilen enjamlaşdyrylmagyna garaşylýar.

Emeli aň ulgamy önümçilik çykdajylaryny azaltmaga, marketing we anyklaýyş takyklygyny ýokarlandyrmaga kömek edýär.

Şeýle ýagdaýda, Finlýandiýanyň “Basemark” we Ispaniýanyň “Gonvarri” ýaly halkara kompaniýalary Hytaýdaky hyzmatdaşlygyny giňeldýärler.

Related posts

Kosmosa çykan ýapon milliarderiň nobatdaky maksady

Ata Watan Eserleri

Tehnologik mirap

Ýedi ekranly kompýuter

vepa