DÜNÝÄ

Türkmen-pakistan hökümetara toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi

Yslamabatda Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky bilelikdäki hökümetara toparyň 6-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny gözden geçirip, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň, üstaşyr söwdanyň we sebitara ulag-aragatnaşyk baglanyşyklarynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlise Pakistanyň Premýer-ministriniň orunbasary we daşary işler ministri, senator Mohammad Ishak Dar hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilelikde başlyklyk etdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar işewür toparlaryň arasyndaky göni gatnaşyklary, edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary we özara alyş-çalyşlary has-da ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.

Taraplar söwda we maýa goýumlar, energetika, oba hojalygy we azyk howpsuzlygy, ulag we kommunikasiýa, senagat, maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar, bilim, saglygy goraýyş, bank we maliýe ulgamlary, syýahatçylyk, sport hem-de medeniýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Pakistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Mohammad Ishak Dar gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki iş toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň, edaralaryň arasynda ýakyn utgaşykly hereket etmegiň we yzygiderli gözegçilik işlerini alyp barmagyň zerurdygyny belledi.

Ol bu çäreleriň iki ýurduň arasyndaky köpýyllyk dostlukly gatnaşyklary anyk we özara bähbitli netijelere öwürmäge ýardam etjekdigini nygtady.

Mejlise Pakistanyň energetika, söwda we nebit pudaklaryna jogapkär federal ministrleri, federal bilim we hünär taýýarlygy boýunça döwlet ministri, milli miras we medeniýet boýunça döwlet ministri, şeýle hem degişli ministrlikleriň we edaralaryň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.

Related posts

Wladimir Putin 71 ýaşyny belleýär

Eýranda Ahaltele atlarynyň gözellik bäsleşigi geçirildi

Kerki şäherinde suw serişdelerini dolandyryş merkezi dörediler

Ata Watan Eserleri