Türkiýäniň Antalýa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahaty (COP31) geçirilýär. Döwlet Baştutanlaryny, degişli ugurlar boýunça ministrleri, bilermenleri we raýat jemgyýetiniň wekillerini bir ýere jemlän bu ählumumy ekologiýa forumyna Türkmenistanyň resmi wekiliýeti hem gatnaşýar.
Iki hepde dowam etjek gepleşikleriň esasy maksady Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek boýunça umumy beýannamalardan anyk amaly mehanizmlere geçmekden ybaratdyr. Şunda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin maliýeleşdiriş, energetika ulgamynda adalatly geçişi üpjün etmek we ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny howa şertleriniň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär.

Maslahatyň çäklerinde türkmen tarapy birnäçe möhüm tematiki çäreleri gurady. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Daşary işler ministrligi BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen bilelikde Pariž ylalaşygynyň Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwasynyň talaplaryny berjaý etmek, milli hasabatlylyk ulgamyny kämilleşdirmek we gidrometeorologik maglumatlary ýygnamak işini sanlylaşdyrmak meselelerine bagyşlanan mejlisi geçirdiler.

Howanyň üýtgemegi boýunça hasabatlylyk meselesi BMG-niň Ösüş maksatnamasy (UNDP) bilen bilelikde geçirilen duşuşykda hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň dowamynda milli derejede kesgitlenýän goşantlary (NDC) we aýdyňlyk boýunça iki ýyllyk hasabatlary taýýarlamakda Türkmenistanyň gazanan öňegidişlikleri, şeýle hem ölçemek, hasabat bermek we barlamak (MRV) mehanizmlerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler tanyşdyryldy.
Sebitleýin başlangyçlary ilerletmekde «Awazadan Antalýa: howanyň üýtgemegine garşy çäreleri ilerletmek we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Awaza Hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmek» atly mejlis möhüm ädim boldy. Oňa gatnaşyjylar 2024–2034-nji ýyllar üçin niýetlenen resminamanyň düzgünlerini durmuşa geçirmegiň amaly ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga we geçirmäge, şeýle hem «ýaşyl» maliýeleşdiriş mümkinçiliklerini giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Suw serişdelerini dolandyrmak boýunça halkara institut (IWMI) Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek meselesine bagyşlanan maslahatlaşmany geçirdiler. Bu merkeziň bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak üçin möhüm meýdança öwrülmegine garaşylýar.
Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we bilim ulgamlarynyň degişli edaralary tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde guralan aýratyn mejlis bolsa howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň amaly çözgütlerini işläp taýýarlamaga jemgyýetçilik guramalaryny we ýaşlaryň başlangyçlaryny çekmäge bagyşlandy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň COP31 maslahatynyň çäklerindäki giň gerimli iş maksatnamasy Aşgabat şäheriniň köptaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny, şeýle hem häzirki döwrüň möhüm ekologik meselelerini çözmäge işjeň goşant goşmaga taýýardygyny aýdyň görkezýär.
