BILIM

Ýaşlaryň 133-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri boldy

Şu gün, ýagny 16-njy noýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy dabaraly bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalaryna hem-de Ýaşlar baýragynyň eýelerine iberen Gutlagynda: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşiniň aýdyň geljegi, jemgyýetimiziň kuwwatly döredijilik güýji bolan ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kemala gelmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, saýlap alan hünäriniň eýesi bolmagy, intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini doly açyp görkezmegi üçin ýurdumyzda giň gerimli işler amala aşyrylýar» diýip belleýşi ýaly, ýaşlar Watanyň daýanjy, nurana geljegimizi gurujylardyr.

Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem bolup geçdi. Ýaşlaryň 133-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri boldy.

Ýeňijileriň hatarynda edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanyp, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezip, zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlar bar.

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijilerine degişli şahadatnamalar we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Türkiýede talyplara wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnama almagyň tertibi

ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti Täze ýyl kitap ýarmarkasyny geçirýär