DÜNÝÄ

Pakistanyň Premýer-ministri YHG-niň Daşary işler ministrleri bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Yslamabat şäherinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşýan agza döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşyk Pakistanyň YHG-de başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ýokary derejeli çäreleriň maksatnamasynyň bir bölegi bolup, sebitara hyzmatdaşlygyň geljekki gün tertibini kesgitleýän meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik döretdi.

Esasy üns sebit döwletleriniň arasyndaky syýasy dialogy berkitmegiň mümkinçiliklerine, halkara we sebit gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça çemeleşmeleri utgaşdyrmaga, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin netijeli meýdança hökmünde Guramanyň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de giňden peýdalanmaga gönükdirildi.

Türkmen wekiliýetiniň bu çärä gatnaşmagy Türkmenistanyň sebit döwletleri bilen mazmunly syýasy dialogy dowam etdirmäge hem-de halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen yzygiderli syýasatyny şöhlelendirýär.

Related posts

Bilermenler: her bäşinji syýahatçy bu ýerde bolup görmek isleýär

vepa

Aşgabatda täze “Yutong” ýolagçy awtobuslary hyzmat edip başlady

Türkmenistan Bakuda zähmet ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy