DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Efiopiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň daşary işler ministri Gedion Timotewosyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli dialogy gurmagyň zerurdygyna aýratyn üns berildi we parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler halkara guramalaryň, hususan-da BMG-nyň çäginde özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesini bellediler.

Daşary işler ministrleri “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň çäginde Türkmenistanda geçiriljek çärelere Efiopiýanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagynyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy