Fransiýanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Filip Diallo Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) tarapyndan Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidentligine geçiriljek saýlawlara dalaşgär hökmünde hödürlendi. Bu barada UEFA-nyň metbugat gullugy habar berdi.
Saýlawlar 2027-nji ýylyň mart aýynda Marokkoda geçiriler. Mundan ozal Janni Infantino hem täze möhlete dalaş etmek isleýändigini mälim edipdi. Ol 2016-njy ýylyň fewral aýynda geçirilen nobatdan daşary kongresde FIFA-nyň prezidenti wezipesine saýlanypdy. Soňra bolsa garşydaş dalaşgär bolmazdan, ýene iki gezek bu wezipä gaýtadan saýlandy.
«Şu gün geçirilen mejlisde UEFA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde wekilçilik edýän milli futbol assosiasiýalary Filip Diallo FIFA-nyň prezidentligine öz dalaşgärligini hödürlemegi teklip etdiler we ony doly goldaýandyklaryny biragyzdan mälim etdiler. FIFA-nyň ýolbaşçylygy bilen bagly çynlakaý aladalaryň ýüze çykmagy sebäpli milli assosiasiýalar dünýä futbol jemgyýetçiliginde agzybirligiň we ynamyň gaýtadan dikeldilmegine çagyrdylar. Filip Diallo saýlawlara gatnaşmak baradaky teklibi kabul etdi» diýlip, habarda bellenilýär.
Filip Diallo 63 ýaşynda. Ol 2021-nji ýylyň mart aýynda Fransiýanyň Futbol federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalygyna saýlandy, şol ýylyň dekabr aýynda bolsa wise-prezidentiň orunbasary wezipesine bellenildi. 2023-nji ýylyň fewral aýynda Fransiýanyň Futbol federasiýasynyň başlygy wezipesine girişdi, aprel aýynda bolsa UEFA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalygyna saýlandy.
Mundan ozal Diallo 1992–2021-nji ýyllar aralygynda Fransiýanyň Professional futbol klublarynyň birleşiginiň direktory bolup işledi. Şeýle hem ol Fransiýanyň Professional futbol ligasynyň dolandyryş geňeşiniň agzasy boldy we FIFA-nyň jedelleri çözmek boýunça edarasynda iş alyp bardy.
Iýul aýynda Janni Infantinonyň FIFA-nyň erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky esasy ýaryşlaryna gözegçilik etjek kompaniýany döretmek isländigi mälim boldy. Onuň pikirine görä, FIFA Forward Enterprise atly kompaniýanyň döredilmegi FIFA agza assosiasiýalaryň girdejilerini artdyrmaga we bütin dünýäde futbolyň ösmegine ýardam bermäge mümkinçilik bererdi.
Halkara futbol federasiýasynyň wekilleri bu taslamanyň 4,2 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumlaryny çekip biljekdigini mälim etdiler. Emma bu başlangyç futbol ýolbaşçylary, federasiýalar we beýleki guramalar tarapyndan giňden tankytlanyp, berk ýazgaryldy.
Hususan-da, Infantinonyň teklibini UEFA, Demirgazyk we Merkezi Amerika hem-de Karib basseýni ýurtlarynyň Futbol konfederasiýasy (CONCACAF), Aziýanyň Futbol konfederasiýasy (AFC) we Günorta Amerikanyň Futbol konfederasiýasy (CONMEBOL) ret etdiler.
Şeýle hem UEFA FIFA-nyň howandarlygynda geçirilýän ýaryşlary boýkot etjekdigini mälim etdi. Soňra Infantino bu taslamadan ýüz öwürýändigini yglan edende, Ýewropanyň futbol guramasy FIFA-nyň prezidentine bolan ynamyň ýitirilendigini belledi.
Mundan soň Afrikanyň Futbol konfederasiýasy, Argentinanyň Futbol assosiasiýasy we başga-da birnäçe milli futbol federasiýasy Janni Infantinony goldaýandyklaryny mälim etdiler.
