SPORT

«Ahal» toparynyň Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Şu gün Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişlik dabarasynda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş edýän «Ahal» toparynyň garşydaşlary mälim boldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Geçirilen bije çekişligiň netijesinde “F” toparça düşen “Ahalyň” garşydaşlary «Şabab Al-Ahli Dubaý» (BAE)«Fulad Huzestan» (Eýran) hem-de «Al-Garafa» (Katar) toparlary bolar.

Çempionlar ligasynyň şu möwsüminde toparçalaryň onusy bolup, olaryň hersinde dört topar çykyş eder. Toparçalaýyn bäsleşigiň netijesinde öz toparçalaryny birinji orunda tamamlanlar hem-de iň gowy netije gazanan ikinji orunlary eýelän toparlaryň üçüsi ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanarlar.

 

Hytaýyň ilaty artdy

Related posts

«Messi we Mbappe ýaly beýik oýunçylar bilen oýnadym. Emma …»

Ronaldonyň gözýaşlary: “Al-Nasr” kuboksyz galdy

Ata Watan Eserleri

Milletler Ligasy finaly: Ispaniýa-Fransiýa