SPORT

“Milan” 72 ýyllyk rekordy gaýtalady

Futbol äleminde öz adyny taryha altyn harplary bilen ýazdyrdan “Milan” futbol topary Italiýanyň “Seriýa A” çempionatynyň 14-nji tapgyrynda “Lasio” futbol topary bilen garşylaşdylar. Öz meýdançasynda 3:2 hasaby bilen üstün çykan “Milan” topary Italiýa çempionatynyň lideri hökmünde gyşky dynç alşyna çykdy. Bu möwsümde topar hiç hili ýeňlişe sezewar bolmady we häzirki wagtda çempionatda onuň 34 utugy bar.

“Milan” bir futbol senenama ýylynda 16 oýun yzly-yzyna çempionatda azyndan iki gol geçirmegi başardy. Bu görkeziji babatda Ýewropa milli çempionatlarynyň (La Liga, Premýer-liga, Bundesliga, Seriýa A we Ligue 1) arasynda taryhynda ikinji topar boldy. Mundan öň bu görkezijini 1948-nji ýylda “Barselona” futbol topary görkezipdi.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Related posts

Ibragimowiç “Milan” bilen şertnama baglaşdy

“Arkadag” topary çempionata ýeňiş bilen başlady

Ata Watan Eserleri

11 metrlik jerime urgusynyň ussady