SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

14-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün öňüňizde duran bir işi tamamlamak üçin garaşanyňyzdan  has köp wagt sarp etmeli bolarsyňyz. Ýöne netijesi sizi kanagatlandyrar. Şeýle hem bir tanyşyňyzyň üsti bilen peýdaly maglumat alyp öwrenip  bilersiňiz. Öýde ownuk abatlaýyş ýa-da satyn alyş bilen bagly çykdajy ýüze çykmagy ähtimal.Söýgi gatnaşyklarynda bolsa garşydaşyňyzyň size bolan garaýşyny onuň sözlerinden däl-de, edýän hereketlerinden bilmäge mümkinçilik dörär.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün köne suratlary, hatlary ýa-da ýatlamalary gözden geçirmek bilen wagtyňyzyň nähili geçendigini duýman galmagyňyz mümkin. Geçmişde öýke kine eden  bir adamyňyz bilen täzeden habarlaşmak ähtimallygy hem bar. Emma köne wakalaryň täsiri bilen häzirki durmuşyňyza baha bermäň.Söwda etmek ýa-da öý üçin zerur zatlary almak isleseňiz, birnäçe ýerden bahalary deňeşdiriň. Çagalar bilen bagly hoş habar günüňiziň şatlygyny artdyryp biler.

 

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Günüň esasy wakasy resmi ýa-da möhüm bir jaň bilen bagly bolup biler. Garaşýan jogabyňyzyň gelmegi indiki ädimleriňizi kesgitlemäge kömek eder. Ýakynlaryňyzyň arasyndaky düşünşmezliklerde araçy bolmaly ýagdaýyňyz hem ýüze çykyp biler. Emma iki tarapyň hem pikirini diňlemezden netije çykarmaga howlukmaň.Şahsy durmuşda bolsa size gyzykly görünýän bir adam bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik dörär.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar bu gün  dynç almaga wagt tapmak isleýän hem bolsalar käbir işler meýilnamaňyzy üýtgedip biler. Aýratyn-da, maşgala agzalarynyň biriniň çözülmegine garaşýan meselesi bilen meşgullanmaly bolarsyňyz. Şeýle hem söýgi gatnaşyklarynda duýgulary gizlemezdenhas köp açyklyk peýda getirer.Ýakyn adamyňyzyň aýdýan bir sözi size öňden üns bermedik ýagdaýyňyzy düşündirip biler. Agşam özüňize ýakymly bir zat bilen meşgullanmaga wagt tapyň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bir işiňizde ýa-da jemgyýetçilik işjeňligiňizde garaşylmadyk jogapkärçilik size ynanylyp bilner. Ilki bilen munuň goşmaça zähmet talap etjekdigi barada pikirlenseňizde  soňra özüňizi görkezmäge mümkinçilikdigiň dörändigine düşünersiňiz. Şahsy durmuşyňyzda bolsa bir ýakynyňyzyň size bolan garaýşy üýtgän ýaly bolup görünmegi mümkin. Arada sowuklyk döremez ýaly, ýagdaýy çişirmän olar bilen  gürrüňdeş boluň.Maliýe taýdan bolsa öňden meýilleşdiren satyn alyşyňyzy başga güne geçirmek ýerlikli bolar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün resminamalar, öý tölegleri ýa-da öňden galan hasaplaşyklar bilen bagly işleriňizi tertipleşdirip bilersiňiz. Şeýle hem Bir zadyň möhletiniň golaýlaşandygyny ýatlamak size goşmaça aladadan dynmaga kömek eder.Iş meýilnamalarynda bolsa  dostlaryňyzyň biri bilen pikir alyşmak öňüňizde täze bir ugur açyp biler.Söýgi gatnaşyklarynda ownuk sowgatdan ýa-da ýakymly garaşylmadyk hereketden hoşal bolarsyňyz. Öz wagtyňyzy diňe borçlara sarp etmän, dynç almagy hem meýilleşdiriň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün daş-töweregiňizdäki adamlaryň garaýyşlary bilen öz islegleriňiziň arasynda saýlamaly ýagdaýyňyz bolup biler. Esasan hem şahsy durmuşda kabul etjek kararyňyzyň geljege  nähili täsir etjekdigini göz öňünde tutuň. Biriniň size berjek maslahaty peýdaly bolup biler, ýöne soňky karary özüňiz kabul etmeli bolarsyňyz.Daş keşbiňize, geýim-eşigiňize ýa-da öýüňiziň bezegine degişli täze pikirler hem kelläňize gelip biler.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün uzak wagt bäri üns berilmän gelýän bir mesele ýene gündeme gelip biler. Ony yza süýşürmegiň ýerine, zerur maglumatlary toplap, çözgüt gözlemek has netijeli bolar. Maliýe meselelerinde töleg möhletlerine we şertnamalara aýratyn üns beriň. Kimdir biriniň beren teklibi ilkinji seredişde özüne çekiji bolup görünse-de, ähli şertleri anyklamazdan razylaşmaň. Söýgi durmuşynda bolsa ynamyň dikeldilmegi üçin wagt we yzygiderli hereket gerek bolar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Günüň dowamynda öň meýilleşdirilmedik bir çärä gatnaşmagyňyz ýa-da täze adamlar bilen tanyşmagyňyz mümkin. Olaryň arasynda geljekde siziň bilen bilelikde işleşip biljek adam hem bolup biler. Günüň ikinji ýarymy  syýahat ýa-da dynç alyş barada pikir edýän bolsaňyz, häzirki mümkinçilikleriňize laýyk meýilnama saýlaň.Maşgalaňyzda bolsa biriniň begençli habary hemmeleriň keýpini göterer. Bu gün özüňizi çäklendirmezden, täze tejribelere açyk boluň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün özüňize degişli möhüm bir karary başga adamlaryň täsirinden daşda kabul etmek islärsiňiz. Öňki tejribäňiz käbir meselelerde has seresap bolmaga mejbur eder. Iş bilen bagly täze bir ugur ýa-da goşmaça girdeji çeşmesi barada maglumat  öwrenip alyp bilersiňiz. Emma munuň üçin wagt we zähmet gerek boljakdygyny hem göz öňünde tutuň.Ýakyn gatnaşyklarda bolsa hemişe güýçli görünmäge çalyşman, käwagt özüňiziň hem goldawa mätäçdigiňizi aýtmakdan çekinmäň.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Bir dostuňyzyň ýa-da tanyşyňyzyň durmuşynda bolup geçýän üýtgeşmeler siziň hem käbir garaýyşlaryňyza täsir edip biler. Bu gün özüňiz üçin täze maksat kesgitlemek, öňden gyzyklanýan ugruňyzda maglumat toplamak peýdaly bolar. Söýgi gatnaşyklarynda bolsa  has köp bilelikde  wagt geçirmäge çalyşyň. Internet arkaly söwda ýa-da hyzmat almakçy bolsaňyz, satyjynyň ygtybarlydygyna göz ýetiriň. Söýgi gatnaşyklarynda bolsa bilelikde geçirýän wagtyňyzyň mukdaryndan has köp onuň hiline üns beriň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün özüňiz üçin möhüm bolan bir adamyň ýagdaýyna has köp üns bermeli bolarsyňyz. Onuň aýdyp bilmeýän aladasyny duýmagyňyz mümkin, ýöne kömek etmezden ozal näme isleýändigini soraň. Şahsy meýilnamalaryňyzda bolsa öňden yza süýşürilen bir işi gaýtadan başlamaga mümkinçilik tapylar. Şeýle hem pul bilen bagly meselede kimdir birine ynanyp, öz jogapkärçiligiňizi başgalara tabşyrmaň.Agşamky wagt rahat dynç almak we ertirki günüň aladalaryny biraz unutmaga synanyşmak üçin amatly bolar.

 

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

 

Related posts

19-njy sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2025;Hepdelik täleýnama (15-nji-21-nji dekabr )

20-nji iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri