JEMGYÝET

Mämmet Akmämmedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlygyna bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ulag we aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew başga işe geçmegi sebäpli wezipesinden boşadyldy.

Bu wezipä Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow bellendi.

Batyr Annaýew 2026-njy ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilipdi.

Mämmet Akmämmedow bolsa, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri wezipesine bellenilipdi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Mir” teleradiokompaniýasyna beren söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri

Ärdogan we dünýä liderlerinden Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatlary

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy