JEMGYÝET

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri täzelendi

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanowy göni ýaýlymy çagyrdy we ony başga işe geçmegi sebäpli wezipesinden boşatdy.

Soňra “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy Dörtguly Süleýmanow çagyryldy we ony Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine belledi.

Şeýle hem “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Aýmyrat Kürtow bu konserniň başlygy wezipesine bellenildi.

Nazar Agahanow 2025-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine bellenilipdi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmen rallicilerden başarı

vepa

Gazagystan täze maýadar wizasyny hödürleýär