Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy Nökerguly Atagulyýewe käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzeltmegi tabşyrdy.
Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
