JEMGYÝET

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy

Şu gün Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan uly üstünligi, ýagny Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy mynasybetli toý dabaralary geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Habar berlişine görä, dabarada Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna 3 million manat we türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan 17 müň ýewro möçberinde pul baýraklary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de taýsyz tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary yzygiderli ýeňiş gazanyp, Watanymyzyň abraýyny belende galdyrýar.

Toparynyň at üstünde ýerine ýetirýän akrobatik we gimnastik tilsimleri, olaryň bedewlere ussatlyk bilen erk etmekleri, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk festiwalynda hem uly üstünlikler getirdi.

Ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrýan toparyň bu gazanan üstünliklerine bagyşlanan dabarada hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabaranyň barşynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 3 million manat we türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan 17 müň ýewro möçberinde pul baýraklary, şeýle hem Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy tarapyndan toparyň agzalaryna “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş merkezine 10 günlük ýollanma dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler