JEMGYÝET

Sentýabrdaky jemgyýetçilik kabul edişlikleri

Türkmenistanyň Adalat ministrligi Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmagynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligini her aýda iki gezek geçirýär.

«Türkmenistan» gazetiniň 2020-nji ýylyň 3-nji sentýabryndaky sanynda çap edilen bildirişde şu aýdaky kabul edilişikleriň seneleri barada habar berildi. Sentýabr aýyndaky jemgyýetçilik kabul edişlikleri 7-nji we 21-nji sentýabr günlerinde geçiriler.

Raýatlar hukuk meseleleri boýunça şol günlerde Türkmenistanyň Adalat ministrliginde sagat 9 — 12 aralygynda kabul ediler. Ministrlik Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ar­ça­bil şa­ýo­lunyň 150-nji jaýynda ýerleşýär. Bildirişde ýüze çykan sowallar boýunça 39-19-20, 39-19-21 belgili telefonlar arkaly habarlaşyp boljakdygy aýdylýar.

Related posts

Oba hojalyk toplumy: ýolbaşçylar wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025: dalaşgärleriň resmi iş kagyzlary kabul edilýän ýerleri

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Walentina Matwiýenko bilen telefon söhbetdeşligi