JEMGYÝET

Surat bäsleşigi yglan edildi

Daga gezelenç edenimizde iň köp meşgul bolýan zadymyz surata düşmek. Belki, daş-töwerekdäki tebigatyň gözelliklerini hem şol suratlarda synlaýarys. Indi siziň dagda düşen suratlaryňyz diňe bir ýakymly ýatlama bolup galman, baýrak hem gazandyryp biler. Munuň üçin «Agama» alpinizm klubynyň höwesjeň suratçylaryň arasynda bassyr bäşinji gezek geçirýän bäsleşigine gatnaşmaly.

Bäsleşik üç ugur — «Biziň daglarymyz», «Biz daglarymyzda» we «Dag durmuşy» atly ugurlar boýunça geçirilýär. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu ugurlar boýunça dag peýzažy, daga çykmak we dag tebigaty bilen bagly suratlarymyzy bäsleşige hödürläp bileris.

Bäsleşige her awtordan 15-e çenli surat kabul edilýär. Iň gowy 50 surat klubyň resmi saýtynda ýerleşdiriler. Soňra ses berlişigiň esasynda ilkinji üç ornuň eýeleri kesgitlener. Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar garaşýar.

Suratlary agama@alpagama.org salgysyna ugratmak arkaly bäsleşige gatnaşyp bolýar.    

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar