TEHNOLOGIÝA

“OpenAI” kompaniýasy täze “o3-mini” emeli aň modelini tanyşdyrdy

Dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda hem-de iri tehnologiýa kompaniýalarynyň arasynda emeli aň ulgamy ösdürmek boýunça gyzgalaňly bäsleşik barha gyzyşýar. Golaýda dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrylan Hytaýyň “DeepSeek” kompaniýanyň emeli aň modeli tehnologiýa dünýäsinde uly seslenme döretdi.

Munuň yzysüre ABŞ-nyň emeli aň ulgamynda öňdebaryjy kompaniýalaryndan “OpenAI” kompaniýasy “o3-mini” modelini tanyşdyrdy. Bu model “ChatGPT” ulgamynyň peýdalanyjylaryna mugt elýeterdir.

– Şu gün biz “OpenAI” kompaniýasy bolup, biziň emeli aň modellerimiziň iň tygşytlysy bolan  “o3-mini” modelini hödürleýäris. – diýip, kompaniýanyň metbugat beýanatynda bellenilýär.

“ChatGPT” ulgamy 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda işe başlaly bäri meşhurlyk gazandy we bir hepdäniň içinde ilkinji million ulanyjysyna ýetipdi.

Related posts

Gazagystan Türkmenistan bilen serhetdäki gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrar

Hytaý hem Marsa gondy

“Oppo” kompaniýasy “Apple Watch” üçin bäsdeş döretdi