JEMGYÝET

«Amul-Hazar» atly ýörişi badalga aldy

Lebap welaýatynda 35 sany atly ýigidiň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly ýörişi badalga aldy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan ýörişe gatnaşyjylar düýn Jeýhun ýakasyndaky şäheriň eteginden dabaraly ýagdaýda ugradyldy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna, Aşgabat we Arkadag şäherlerine wekilçilik edýän ýigitler, nesip bolsa, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýunda ajaýyp Awaza baryp ýeterler.

Atly ýigitler bu ýörişin dowamynda 1 müň 755 kilometre uzajak taryhy ýörişi amala aşyrarlar.

Hawa, dal bedewlere atlanan 35 ýigit gadymy Amulyň eteginden bahry-Hazara sary ýola düşdi. Nesip bolsa, bir aý çemesi wagtda menziller olary ajaýyp Awaza alyp barar.

Related posts

2021: “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” saýlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Baýdene gutlag iberdi

Adam atlarynyň manysy 15-nji fewral

Ata Watan Eserleri