BIZNES

Türkmen kompaniýalary Hytaýda 12 sany ähtnama gol çekişdi

2026-njy ýylyň 6–7-nji noýabrynda Şanhaý şäherinde türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirildi. Ol Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda işewür hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm meýdançasy boldy.

Forumyň işine Hytaýyň takmynan 300 kompaniýasyna we guramasyna wekilçilik edýän 350-den gowrak wekili, şeýle hem Türkmenistanyň 120-den gowrak wekili gatnaşdy.

Çäräniň çäklerinde B2B we B2G görnüşlerinde işewür duşuşyklar, şeýle hem Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Jemi 68 sany B2B we 27 sany B2G duşuşygy guraldy, Özara düşünişmek hakynda 12 sany Ähtnama gol çekildi.

Forumyň geçirilmegi iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni işewür gatnaşyklary ösdürmekde, maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri döretmekde we bilelikdäki taslamalary ilerletmekde möhüm ädim boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «TMT Consulting Group» kompaniýasynyň goldawy bilen guralan Şanhaýdaky türkmen-hytaý işewürlik forumy taraplaryň ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Related posts

«Sarahs awtoýollary» gümrük nokadynyň durky täzelendi

Telekeçiler birža söwdalaryna gatnaşmazdan eksport edip biler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Hazarda bilelikde energiýa serişdelerini çykarar