BIZNES

«Ojar Aziýa» kompaniýasy Hytaýyň kompaniýalary bilen ähtnamalara gol çekişdi

Şanhaý şäherinde geçirilen Türkmen-hytaý işewürlik forumynyň çäklerinde «Ojar Aziýa» hususy kärhanasy ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe ylalaşyklary gazandy.

Işewür gepleşikleriň netijesinde kärhana Hytaýyň dört kompaniýasy we guramasy bilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekdi.

Hususan-da, Super Smart Home kompaniýasy bilen «akylly öý» tehnologiýalary, emeli aň we döwrebap intellektual ulgamlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Link Global International Logistics kompaniýasy bilen baglaşylan Ähtnama ulag-logistika hyzmatlary, halkara ýük daşamalary we degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Beijing Zhongsheng Honor Enterprise Management Center (Limited Partnership) kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, işewür gatnaşyklary ýola goýmaga we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge gönükdirilendir.

Hyzmatdaşlygyň ýene bir ugry SINOMACH HI International Equipment Co., Ltd. kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk bolup, ol söwda gatnaşyklaryny ösdürmegi we ýükleýji tehnikalary, ekskawatorlary, ýol-gurluşyk tehnikalaryny hem-de ätiýaçlyk şaýlaryny goşmak bilen, gurluşyk we oba hojalyk tehnikalaryny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar.

Related posts

Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi

Türkmen telekeçileri Hindistandaky sergä çagyryldy

Türkmenistan bilen Hytaýyň tebigy gaz söwdasynyň möçberi 415 milliard kubmetre deň boldy

Ata Watan Eserleri