BIZNES

«Agro-Pak Türkmenistan – 2023» sergisi başlady

Şu gün azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan – 2023» ady bilen azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi öz işine başlady. Ak mermerli paýtagtymyzda ilkinji gezek geçirilýän bu halkara sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň «Sofuar» kompaniýasy bilelikde guraýar.

Halkara serginiň açylyş dabarasynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen çuňňur mazmunly Gutlagy okaldy.

Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Moldowanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň degişli pudaklarynyň kompaniýalarynyň önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrylýan sergi pawilýonlary myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Şeýle hem azyk önümçiliginiň enjamlary, gaplama önümleri we gaplama enjamlary, azyk önümleri we iýmit goşundylary, çörek we çörek önümleriniň tehnologiýalary, däne saklaýyş we degirmen ulgamlary, ýyladyşhana, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlary, guşçulyk we maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar, oba hojalyk önümleri, tohumlar we dökünler, suwaryş ulgamlaryna niýetlenilen önümler we hyzmatlar boýunça taýýarlanylan ekspozisiýalary Niderlandlaryň, Russiýanyň we Eýranyň ýörite pawilýonlarynda görmek bolýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda badalga alan bu halkara sergi 3 üç günläp dowam eder.

Related posts

Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi geçiriler

Hümmetsizlenmegiň öňüni almak üçin

vepa

Golliwudyň meşhur kinokompaniýasyny satyn aldy