BIZNES

Eýranyň awtomobil kompaniýasy Azerbaýjanyň bazaryna girýär

Eýran Yslam Respublikasynyň iri awtomobil öndüriji kompaniýasy bolan “Iran Khodro” Azerbaýjanyň, Omanyň we Yragyň bazarlaryna çykmagy meýilleşdirýär.

“Iran Khodro” kompaniýasynyň wise-prezidenti Kianuş Purmodjib täze bazarlaryň möhümdigini belläp geçdi. Onuň aýtmagyna görä, şu ýyl kompaniýa 500 müňden gowrak awtoulag öndürmegi meýilleşdirýär.

Häzriki wagtda “Iran Khodro” kompaniýanyň ýyllyk eksport möçberi 20 müň awtoulaga deňdir. Şeýlelikde, goşmaça 80 müň awtoulag ýakyn wagtda Russiýanyň bazaryna eskport edilip başlaýar.

Related posts

“Parahat — 7” ýaşaýyş toplumy: 23 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy gurlar

Enerji Şartı Genel Sekreteri Rusnak ile görüşme gerçekleştirildi

vepa

Türkmen wekiliýeti Stambulda geçirilýän «Halal EKSPO ─ 2024» atly sergisine gatnaşýar