BIZNES

Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy

«Galkynyş» gaz känindäki 285 belgili ulanyş guýusynda 4452 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, netijede ýer astyndaky 4412 – 4136 metr aralyklardaky gatlaklarda çykymy bir gije-gündizde 2 million kubmetr bolan täze tebigy gaz akymynyň alynmagy şatlykly pursatlaryň üstüni ýetirdi.

Munuň özi tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanyň halkara giňişliginde kuwwatly energetika döwleti hökmündäki derejesini tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň uglewodorod serişde binýadyny we ony netijeli ulanmagyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça ygtybarly strategiýa durmuşa geçirilýär.

Bu bolsa uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alynýan möçberlerini artdyrmaga, energiýa serişdeleriniň eksportuny köpugurly esasda ösdürmäge, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň ygtybarly we durnukly ulgamlaryny döretmäge giň mümkinçilik berýär. Şunda pudaga häzirki zamanyň ösen tejribesini we sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine zerur üns berilýär.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi netijesinde bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede ösdürilýändigini bellemeli. «Galkynyş» gaz käniniň 285 belgili ulanyş guýusynda degişli çuňluklardan tebigy gazyň akymynyň alnyp başlanmagy pudagyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen strategiýanyň aýdyň netijesidir. Bir gije-gündiziň dowamynda 2 million kub metr çykymy bolan guýunyň önümçilik mukdaryny ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan känleriň işiniň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylýandygyny görkezýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan maýadalary ýerasty gaz desgasyny gurmaga çagyrdy

Türkmenistanyň tebigy gaz önümçilik möçberi artar

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary: Türkmenistan özüne çekiji maýa goýum şertlerini döredýär

Amerikanyň mekdeplerinde emeli intellekt sapaklary girizilýär

Ata Watan Eserleri

Rumyniýa Türkmenistanyň himiýa pudagyndaky maýa goýumlar bilen gyzyklanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen-koreý ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirilýär