BIZNES

Türkmenistanyň işewür toparlary Türkiýede geçirilýän sergilere çagyryldy

2023-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen Türkiýe Respublikasynyň Halkara Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy Sefa Gomdeniziň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türk tarapy, Türkmenistanyň işewür toparlaryny Türkiýede geçirilýän sergilere gatnaşmaga çagyrdy.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen «F Istanbul» atly azyk önümleriniň halkara sergi-ýarmarkasyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 14-si gatnaşypdy.

Abraýly halkara forumda milli önüm öndürijilerimizden «Täze Aý», «Arçalyk», «Misgär», «Altyn Ýunus», «Kindi», «Mekan», «Ak Gar», «Mähriban-Merw», «Parahat», «Tamada», «Elle», «Balam»,  «Balşeker», «Tükel» ýaly hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri öz önümleriniň görkezipdi.

Related posts

Türkmenistan daşary ýurtly ulaglaryna serhetlerini açýar

Ata Watan Eserleri

«Dell» kompaniýasyndan täze kompýuterler

Ata Watan Eserleri

Az kükürtli ýangyç mazudy uly islege eýe boldy

Leave a Comment