BIZNES

TSTB-niň goşandy: 10 ýylda 13 million miweli agaç

Soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurtda 13 milliondan gowrak miweli bag we üzüm nahallaryny oturtdylar. Olaryň 70 göterimi eýýäm hasyl berip başlady.

Hususy pudagyň täze miweleri ýurduň bazarlaryna çykýar we türkmen telekeçileriniň ýokary tehnologiýaly zawodlaryna gaýtadan işlemek üçin iberilýär. Şol ýerde olardan miwe suwlary, püreler, mürepbe goýaltmasy we beýleki peýdaly önümler öndürilýär.

TSTB-i ekin hasylyny ýokarlandyrmak, agrotehniki çäreleri geçirmek boýunça maslahat beriş işlerini alyp barýar. Suwy tygşytly ulanmagyň ýörelgelerini düşündirmäge, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, suw çeşmeleriniň ýitmegini aradan aýyrmak üçin häzirki zaman izolýasiýa serişdelerini (geotekstiller, geomembranlar) ulanmaga aýratyn üns berilýär.

Birleşme, halkara guramalarynyň kömegi bilen damja we ýagyş suwaryş tehnologiýalaryny ulanmak, ekin önümçiliginde iň oňat dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça seminarlar we dürli geňeşmeler geçirýär.

 

Internet nyrhnamalary 50 göterim arzanladyldy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi