Türkmenistan «EF English Proficiency Index 2026» halkara iňlis dilini bilmek indeksinde 476 utuk toplap, dünýä boýunça 71-nji, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasynda bolsa birinji orny eýeledi. Bu barada EF Education First guramasynyň çap eden hasabatynda maglumat berilýär.
Sebitdäki beýleki ýurtlardan Gyrgyzystan 445 utuk bilen 90-njy, Gazagystan 424 utuk bilen 99-njy, Özbegistan 421 utuk bilen 101-nji, Täjigistan bolsa 405 utuk bilen 110-njy orunda ýerleşdi.
Hasabatda Russiýa 516 utuk bilen 49-njy, Türkiýe 484 utuk bilen 66-njy, Birleşen Arap Emirlikleri 482 utuk bilen 67-nji, Hindistan 479 utuk bilen 69-njy, Hytaý bolsa 466 utuk bilen 75-nji orny eýeledi. Şeýlelikde, Türkmenistan bu indeksde Hytaýdan dört orun öňde ýerleşdi.
117 ýurdy we çägi öz içine alýan 2026-njy ýylyň indeksi 2025-nji ýylda EF SET synagyna meýletin gatnaşan 2,3 milliondan gowrak uly ýaşly adamyň maglumatlaryna esaslanýar.
Çeşme: EF English Proficiency Index 2026
