BIZNES

Türkmenistan COP31 halkara maslahatynda milli ekologik başlangyçlaryny tanyşdyrýar

2026-njy ýylyň 9 – 20-nji noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahaty (COP31) geçirilýär. Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän bu iri halkara çäre howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek we durnukly ösüşiň geljekki ugurlaryny kesgitlemek babatda möhüm meýdança bolup durýar. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşýar.

         Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda öňe sürülýän milli başlangyçlar Türkmenistanyň ählumumy ekologik meseleleriň çözülmegine işjeň goşant goşýandygyny aýdyň görkezýär.

         Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky taryhy köklere, ruhy-medeni umumylyga we mizemez dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Özara hormat goýmak, ynanyşmak we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklar söwda-ykdysadyýet, energetika, ulag, senagat we beýleki möhüm ugurlarda yzygiderli ösdürilýär.

         COP31maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlanylmagy we bezeg işleriniň ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan alnyp baryldy. Milli pawilýon ýurdumyzyň ekologik ugurdaky başlangyçlaryny, ykdysady mümkinçiliklerini, tebigy baýlyklaryny hem-de halkara hyzmatdaşlyga goşýan goşandyny dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrýan ähmiýetli meýdança bolup çykyş edýär.

Pawilýonda Türkmenistanyň tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, innowasion we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem daşky gurşawa düşýän agramy azaltmak boýunça toplan tejribesi we mümkinçilikleri giňden görkezilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda alyp barýan işleriniň halkara derejede wagyz edilmegine ýardam berýär.

         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýetiniň halkara çärä gatnaşmagy hem ýurdumyzyň işewür toparlarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny giňeltmek, täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemek we türkmen telekeçiliginiň mümkinçiliklerini dünýä giňişliginde tanyşdyrmak babatda möhüm ähmiýete eýedir.

         COP31-iň dowamynda geçirilýän işewürlik duşuşyklary, ýöriteleşdirilen sergiler we halkara maslahatlar döwletleriň hem-de hususy pudagyň wekilleriniň arasynda tejribe alyşmaga, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Hususan-da, 11 – 12-nji noýabrda geçirilýän dünýä liderleriniň sammiti howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça halkara tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir.

         Türkmenistanyň bu iri halkara çärä gatnaşmagy, milli pawilýonyň üsti bilen ýurdumyzyň ekologik başlangyçlarynyň we ykdysady mümkinçilikleriniň dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrylmagy, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň halkara işjeňligi ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge, ekologik başlangyçlary goldamaga we ählumumy durnukly ösüşe goşant goşmaga gönükdirilen işleriniň aýdyň beýany bolup durýar.

Related posts

Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna 1.4 milliard dollar gönükdirdi

Türkmenistanyň wekilýeti Stambuldaky halkara ulag forumyna gatnaşdy

Türkmenistan Dohada Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşdy