BIZNES

“Kamaz”: Türkmenistanda 2 sany elektrikli awtobus synag ediler

Tatarystanyň “Kamaz” kompaniýasy özüniň öndüren elektrikli awtobuslarynyň 2-sini Türkmenistana synag etmek üçin iberdi. Bu barada “Kamaz” kompaniýasynyň baş direktory Sergeý Kogogin türkmen-rus işewürlik forumynda habarçylara beren beýanatynda belläp geçdi.

– Häzirki wagtda “Kamaz” Russiýada elektrikli awrobus önümçiliginde öňdebaryjydyr. Biz şehle tehnikalary Türkmenistan teklip etmekden hoşaldyrys. 2 sany “Kamaz” kysymly elektrikli awtobus hem-de gaty çalt zarýad berýän bekedi Türkmenistana synag etmek üçin berdik. Geljekde Türkmenistana zerur bolan möçberde elektrikli awtobuslary üpjün etmäge taýýardyrys – diýip, Kogogin belledi.

Kogogin Türkmenistan bilen bu awtobuslary we onuň zarýad beketlerini synag etmek üçin gepleşikleriň geçirilýändigini belledi.

“Kamaz” kompaniýasynyň baş direktory 800 töweregi elektrikli awtobuslaryň öndürilendigini we olaryň Moskwa şäherinde hereket edýändigini mälim etdi. Şeýle hem bu awtobuslar Russiýanyň beýleki şäherleirnde hem synag edilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi