Dünýä ýüzünde her bir döwletiň paýtagty hakynda aýdymlaryň döredilendigi köplere mälimdir. Ýurdumyzyň göwher jygasy Aşgabat hakynda döredilen ajaýyp aýdymlar akgynlylygy, duýga baýlygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Şeýle ajaýyp aýdymlaryň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň “Aşgabat” aýdymydyr.
Aziýanyň merjeni hasaplanylýan Aşgabat şäheriniň waspyny ýetirýän “Aşgabat” aýdymynyň täsin taryhy bar. Bu joşgunly aýdym mundan 65 ýyl ozal, ýagny 1961-nji ýylda döredilipdir.
Ussat halypa žurnalistimiz Parahat Çerkezowa saz äleminiň Magtymgulysy ussat kompozitorymyz Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedow diýip belläp geçmegi ussadyň türkmen halkymyzyň nusgawy kompozitorlaryna goýýan çyn bahasydyr. Ussat kompozitorymyz Nury Halmämmedow türkmeniň saýrak bilbili, uassat halypa, opera aýdymçymyz Medeniýet Şahberdiýewanyň bütin dünýäde seýrek duşýan liriki koloroturaly soprana altyn sesine joşgunly “Aşgabat” diýen aýdymyny döredipdir.
Ussat şahyr Geldi Bäşiýew şol döwürler türkmen radiosynda diktor bolup işleýär eken. Baýry diktor Geldi aga radiokomitete seýregrägem bolsa gelýän saz äleminiň Magtymgulysy halypa kompozitorymyz Nury Halmämmedow bilen duşuşyp, aýdym-saz hakynda pikir alyşar eken. Günleriň bir güni halypa Nury Halmämmedow Medeniýet Şahberdiýewanyň belentden-belent owazyna ajaýyp aýdymy döredendigini uly buýsanç bilen Geldi aga aýdýar. Aradan bir hepde wagt geçeninden soň, ussat şahyr Geldi aga Nury halypa jaň edip, onuň döreden şirin sazyna “Aşgabat” diýen ajaýyp goşgy ýazandygyny aýdýar we diňläp görmegini teklip edýär. Döredilen saz bilen goşgy zynjyr ýaly sepleşip jüpüne düşýär. Dünýä belli ussat halypamyz Medeniýet Şahberdiýewa aýdymyň goşgusy, notasy tabşyrylýar.

Watanyň altyn owazy Medeniýet Şahberdiýewanyň “Aşgabat” aýdymy owazly kalbyny joşa getirýär. Ol joşgundyr hyjuw bilen aýdymy ussatlarça ýerine ýetirip, owaz içinden owaz, heň içinden heň alyp gözel Aşgabadymyzyň waspyny dünýä ýaýdy. Bu aýdym türkmen telewideniýesi arkaly ýazgy edilýär. “Aşgabat” aýdymy türkmen bilbiline uly at-abraý getirýär. Türkmeniň saýrak guşy Medeniýet Şahberdiýewa bu aýdymyň üsti bilen dünýä halklaryna Watanymyzyň gözelliklerini, al-elwan güle bürenip oturan paýtagtymyzyň ajaýyplyklary bilen tanyşdyrýar. Onda şeýle ruhlandyryjy sözler bar:
Seýran etsem köçeleriňe, Aşgabat,
Sallanyşýan gelin-gyzlaryň bardyr.
Köňüller mülküniň baky köşgi abat,
Säherler ýaňlanýan sazlaryň bardyr…
Türkmeniň saýrak bilbili Medeniýet Şahberdiýewa dünýäniň haýsy künjegine gitse-de öz çykyşyny bu aýdym bilen başlar eken. Halypamyzyň ussatlygyda şol ýurduň dilinde bilbil bolup saýrar eken. Sungatyň baky parlak ýyldyzy Medeniýet Şahberdiýewanyň çeşmeden dury altyn owazy ýer ýüzünde parahatlyk simfoniýasy bolup ýaňlandy. Şol ýyllarda “Aşgabat” aýdymynyň üsti bilen ýurdumyza 30 müňden gowrak daşary ýurtly myhmanlar gelipdir. Halypa aýdymçymyz Medeniýet Şahberdiýewanyň ýerine ýetiren bu ajaýyp aýdymy onuň bütin döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Şol bir wagtda bu aýdymy ussat halypamyzyň şägirdi Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew hem ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.

“Aşgabat” aýdymy paýtagtymzyň döredilen gününe hem ajaýyp taýsyz sowgatdyr. Bu şirin aýdym ýaňlananda hemişe göwnümiz ganatlanyp, ony döreden ussatlarymyza bolan hormatymyz artýar.
Halypalaň aýdymy,
Haýran edýär hemmäni.
Ganat ýaýýan guş deýin,
Aýlanyp ýör dünýäni.
***
Şirin aýdymlary bilen,
Batyýardyr çagymyz.
Sungatyň howandary,
Ýaşa, Arkadagymyz!
Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,
TDP-niň Baýramaly etrap komitetiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
